tk ru en tr   
bgitem bgitem bgitem

“Begler ýoly” “Plast Eurasia Istanbul 2017” sergisine gatnaşdy

11 Dekabr 2017

“Begler ýoly” hususy kärhanasy 2017-nji ýylyň 6 – 9-njy dekabrynda Türkiýede geçirilen “Plast Eurasia Istanbul 2017” halkara sergisine gatnaşandygy üçin PAGEV türk kompaniýasynyň prezidenti jenap Ýazowa Erogly tarapyndan minnetdarlyk haty bilen sylaglandy.

Minnetdarlyk hatynda şeýle ýazylýar: “Hormatly “Begler ýoly” hususy kärhanasy! “Plast Eurasia Istanbul 2017” halkara sergisine gyzyklananyňyz we goldawyňyz üçin sagboluň. “Begler ýoly” önümlerini ýakyn we uzak ýurtlara eksport edýär we Türkmenistanda plastmassa we polipropilen gaplary öndürmekde öňdebaryjylygy eýeleýär”