tk ru en tr   
bgitem bgitem bgitem

“Begler ýoly” hususy kärhanamyz müşderilere täze önümini hödürleýär

29 Iýul 2021

Polietilen we polipropilen gaplaryň önümçiligini alyp barýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Begler ýoly” hususy kärhanamyz özüniň döwrebap, ekologik taýdan arassa we ýokary hilli önümleri bilen alyjylaryň ünsüni özüne çekmegi başardy. Ýakynda kärhana täze görnüşli önümiň, ýagny, iýmit önümlerini gaplamak üçin 1000 gr. ölçegli plastik konteýnerleriň önümçiligini ýola goýdy. Kärhanamyzyň bir aýda önümçilik kuwwaty 400 müň sany täze konteýneri öndürmäge mümkinçilik berýär. Täze önümiň boýy 5 santimetre, ini 22 santimetre, agramy 31 grama, göwrümi bolsa 1000 cc deňdir. 

Şeýle hem, kärhanamyzda iýmit önümlerini gaplamak üçin plastik gaplaryň, miwe we bakja önümleri üçin dürli ölçegdäki sebetleriň, himiýa serişdelerini gaplamak üçin dürli görnüşli gaplaryň we beýleki halk hojalygynda zerur bolan başgada birnäçe gap-gaçlaryň önümçiligi alnyp barylýar. “Begler ýoly” öndürýän plastik önümlerini “Algap” haryt nyşany bilen öz alyjylaryna hödürleýär.

Azyk we beýleki senagat ugurlarynda ýerli önümçiligiň geriminiň giňemegi bilen, sarp edijileriň täze görnüşli gaplara zerurlygy artýar. Şonuň üçin hem, kärhana şeýle gaplary öndürmek üçin müşderileriň isleglerini öwrenip, himiki arassalaýjy serişdeler, süýt önümleri we konditer önümleri üçin niýetlenen plastik gaplaryň täze görnüşleriniň önümçiligini hem ýola goýýar. 

Şeýle-de, kärhana müşderileriň isleglerine görä, IML (In-Mould Labelling) tehnologiýasy esasynda etiketkaly gaplary öndürýär. Bu tehnologiýa Türkmenistanda ilkinji gezek ulanylyp, ol harydyň etiketkasyny çig mal plastiki gabyň galybyna guýlanda ýelmenýär we bu etiketka islendik şertlerde öz durkuny üýtgetmän saklaýar. Muňa mysal edip, “Owadan ülke” hojalyk jemgyýetiniň “Nur” we “Mylaýym” haryt nyşanly maýonez we üwmeç gaplaryny, konditer önümlerini öndürýän “Doganlar ýyldyzy” kompaniýasynyň “Babella” hoz tagamly şokolad pasta gaplaryny, “Bars” kompaniýasynyň “Şokokrem” şokolad pasta gaplaryny, “Täze aý” haryt nyşanly ”Kofe” tagamly süýtli doňdurma gabyny, “Bagtly zamana” hojalyk jemgyýetiniň “Aknur kislorodly agardyjy” gabyny görkezmek bolar.

Kärhanada öndürilýän önümleriň ählisi ýokary hilli we sertifikatlaşdyrylandyr.