Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Begler ýoly” hususy kärhanasy polietilen we polipropilen gaplaryň önümçiliginiň gerimini giňeldýär. Ýakynda kärhana täze görnüşli önümleriň, ýagny, 50 ml we 100 ml göwrümli zyýansyzlandyryş önümleri üçin niýetlenen plastik gaplarynyň, şeýle hem, zyýansyzlandyryş ýüz galkanynyň tutawaçlarynyň önümçiligini ýola goýdy.
Ýüz galkanynyň agramy 32 grama barabardyr. Müşderi olaryň islendik reňkini saýlap bilýär. 50 ml göwrümli plastik gaplaryň boýy - 9 sm, ini – 3,5 sm, agramy 7 gr-a barabardyr. 100 ml göwrümli gaplaryň boýy 10,5 sm, ini bolsa 4 sm-e ýetýär. Agramy 10 gram. Bu gaplar “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Saglyk” Derman kärhanasynyň sargydy boýunça öndürilip, zyýansyzlandyryş maksady üçin niýetlenendir. Polietilenden ýasalýan bu önümler şeýle hem beýleki zyýansyzlandyryş serişdelerini öndürýän hususy kärhanalara hem niýetlenilýär. Kärhana bu önümiň bir gije-gündiziň dowamynda 25 müň sanysyny, bir aýda 750 müň sanysyny öndürmäge ukyply.
Müşderiler gaplaryň reňkini islegine görä saýlap bilerler.
Belläp geçsek, “Begler ýoly” hususy kärhanasy döwrebap, ekologik taýdan arassa we ýokary hilli önümleri bilen alyjylaryň ünsüni özüne çekmegi başardy. Kärhanada şeýle hem, miwe we bakja önümleri üçin dürli ölçegdäki sebetleriň, himiýa serişdelerini gaplamak üçin dürli görnüşli gaplaryň we beýleki halk hojalygynda zerur bolan başga-da birnäçe gap-gaçlaryň önümçiligi alnyp barylýar. “Begler ýoly” hususy kärhanasy öndürýän plastik önümlerini “Algap” haryt nyşany bilen öz alyjylaryna hödürleýär. Hususy kärhana müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak, olara ýokary hilli hyzmat etmegi ilkinji nobatda goýýar.