XXI asyryň häzirki döwründe tutuş dünýä ykdysadyýetinde hususy ulgamyň önümçiligine aýratyn uly orun degişli. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, ýurtlaryň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagynda, halkara giňişlikde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda döwlete dahylsyz pudagyň ýerine ýetirýän işi sanawda öňdäki orunlary eýeleýär. Şu babatdaky dünýä tejribesi häzirki döwürde ykdysady taýdan barha kuwwatlanýan, işjeň senagatlaşýan Türkmenistanyň hem döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak babatda durmuşa geçirýän işleriniň çäklerinde türkmen telekeçileri dünýä bazarynda islegli, eksporta niýetlenen, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýola goýýarlar. Şeýle-de, ýerli gazhimiýa zawodlarynyň köpelmegi bilen plastik gaplary öndüriji telekeçileriň sany hem ýokarlanyp başlady. Polietilen we polipropilen gaplary öndürijileriň biri hem “Begler ýoly” hususy kärhanasydyr.
“Begler ýoly” hususy kärhanasy 2014-nji ýylda esaslandyrylyp, iýmit üçin plastik gaplary, miwe we bakja önümleri üçin sebetleri, göwrümli gaplary, himiýa serişdeleri üçin gaplary we şuňa meňzeş önümleri öndürmek işini alyp barýar. Kärhananyň taryhy ýoly uzak bolmasa-da, önümçilik kuwwaty we önümçilik aýratynlygy bilen gysga wagtyň içinde, sözüň doly manysynda, içerki we daşarky bazaryň ynamyny gazanmagy başardy. Kärhanada öndürilýän önümler hiliniň ýokarylygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen, müşderileriň ösen islegleriniň talaplaryna doly laýyk gelýär. Muňa kärhananyň hyzmatyndan peýdalanýan, “Miras”, “Sähetli türkmen”, “Ýigit”, “Guba gara”, “Täze aý” we ş.m. birnäçe başga hususy kärhanalary, “Owadan ülke”, “Sap taslama”, “Ajaýyp Ussat”, “Bäş nur”, “Oguz ýol” we ş.m. birnäçe başga hojalyk jemgyýetleriniň we birnäçe telekeçileriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Kärhanada öndürilýän önümleriň ählisiniň sertifikatlaşdyrylandygyny aýratyn bellemek gerek.
“Begler ýoly” hususy kärhanasynyň önümçiliginiň esasy aýratynlygy – öndürilýän önümleriň ählisi dünýä standartlaryna doly laýyk gelýär. Kärhanada awtomatik usulda işler ýola goýlup, hereket edýän enjamlar robot tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan. Munuň özi önümleriň ýokary hilli we döwrebap taýýarlanylmagyna mümkinçilik berýär. Ýokary hilli önümler öndürilip, işleriň dünýä ülňülerine laýyk derejede alnyp barylýandygy üçin kärhana 5 sany – ISO-9001:2015, 5S,GC-MARK, DQS CFS GmbH, IQ NET halkara sertifikatlary bilen sylaglandy. Kärhanamyzda halkara standartlaryna degişli bolan kadalaşdyryjy resminamalar yzygider alnyp barylýar we işgärlerden test alynýar. Kärhanada häzirki wagtda öz işine ökde we höwesjeň işi-hünärmenleriň 60-dan gowragy zähmet çekýär. Daşary ýurtly ISO guramasynyň hünärmenleri bilen online internet ulgamy arkaly söhbetdeşlikler geçirilip, geçirilýän iş çäreleri barada maslahatlaşylýar.
Häzirki wagtda kärhananyň önümçilik kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda ortaça 10 000-15 000 kg önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçilik toplumynda işler basyş we çişirme ýollary arkaly alnyp barylýar. Ýeri gelende bellesek, bu ýerde öndürilýän önümler bahasynyň elýeterligi, ulanylmasynyň amatlylygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Ýagny, ulanylýan çig mallaryň ýerli önümler bolmagy, kärhananyň innowasion enjamlar bilen ornaşdyrylmagy we plastik önümlerini öndürýän ýerli hünärmenlerimiziň bolmagy nyrh syýasatymyzyň hemişe elýeterlige esaslanyp, ýokary hilliligiň saklanmagyna doly mümkinçilik berýär.
Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, häzirki bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçilik işini ýola goýmakda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeň ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň özi, birinjiden, işiň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmaga şert döretse, ikinjiden, eksport ugurly täze görnüşli önümleriň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berýär. “Begler ýoly” HK-sy hem döredilen döwründen bäri şu ýörelgelerden ugur alyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli işleri alyp barmaklyga çalyşýarlar. Şonuň çäklerinde Özbegistan Respublikasyna 1 litrlik plastik gaplaryň ylalaşykda görkezilen möçberi eksport edildi. Şeýle-de häzirki döwürde Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan, Gruziýa we Owganystan ýaly döwletlere önümleri eksport etmek üçin degişli gepleşikler alnyp barylýar.
Azyk we beýleki senagat ugurlarynda ýerli önümçiligiň geriminiň giňemegi bilen täze görnüşli gaplaryň zerurlygy artýar. Kärhana şeýle gaplary öndürmek üçin özlerine gelýän sargytlary öwrenip, himiki arassalaýjy serişdeler, süýt önümleri we konditer önümleri üçin niýetlenen plastik gaplaryň täze görnüşleriniň önümçiligini hem alyp barýar. Şeýle-de, kärhana müşderiniň isleglerine görä IML (In-Mould Labelling) tehnologiýasy esasynda etiketkaly gaplary öndürip bilýär. Türkmenistanda ilkinji gezek ulanylýan bu tehnologiýa harydyň etiketkasyny plastiki gap galyba guýulanda ýelmeýär. Islendik şertlerde etiketka öz durkuny saklaýar.
Öndürýän plastik önümlerini “Algap” haryt nyşany bilen bazara hödürleýän “Begler ýoly” hususy kärhanasynyň agzybir zähmetkeş işçi-hünärmenleriniň ümzügi ileri. Olar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak we höweslendirmek baradaky başlangyçlaryndan ugur alyp, täze görnüşli önümleri öndürmegi, önümçilik toplumynyň gerimini giňeltmegi we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmak ugrunda maksada gönükdirilen işleri meýilnamalaýyn alyp barýarlar.
Kärhanamyz barada taýýarlanan ýörite wideomyz bilen tanyş boluň!
Önümçilikde ýokary hil we netije gazanmak biziň esasy maksadymyzdyr
"Begler ýoly" hususy kärhanasy öz önümlerini mydama ýokary hilli öndürýär
Plastik gaplama tehnologiýasy önümçilikde dünýäniň soňky ülüňlerine gabat gelýär
Plastik gaplary önümçilik etmek üçin gerek bolan dünýäde talap edilýän ähli sertifikatlara eýedir
Iş prosesslerini döwrebap saklamak netijesinde önümçik mydama kämil bolýar