tk ru en tr   
bgitem bgitem bgitem

"Begler ýoly” HK-sy eksport önümleri üçin sebetleri hödürleýär

13 Awgust 2021

Ekologik taýdan arassa we ýokary hilli önümleri bilen uly meşhurlyk gazanan “Begler ýoly” hususy kärhanasy öz müşderilerine, ýagny, telekeçiler we hususy kärhanalar tarapyndan gurnalan döwrebap ýyladyşhanalaryň önümleri üçin täze 150*300*400 mm ölçegli sebetleri hödürleýär. Önümlerini daşary ýurtlara eksport edýän kärhanalarda, telekeçilerde uly islegden peýdalanýan bu sebetler polipropilen çig malyndan taýýarlanylýar. Sebetlere uly mukdarda ýörite sargyt boýunça kärhananyň öz ady ýazylan ýazgyny hem ýerleşdirip bolýar.

Kärhananyň önümçilik kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda bu sebetleriň 3 000 sanysyny, bir aýda 90 000 sanysyny öndürmäge mümkinçilik berýär. “Täsin ýaprak”, “Bäş Nur”, “Oguz ýol”, “Rysgal ojagy”, ýaly hojalyk jemgyýetleri, “Altyn tug” hususy kärhanasy we birnäçe telekeçiler bu önümiň esasy alyjylary bolup durýar.

Müşderileriň iň ýokary isleglerini kanagatlandyrmak – “Begler ýoly” hususy kärhanasynyň agzybir kollektiwiniň baş maksady bolup durýar.