tk ru en tr   
bgitem bgitem bgitem

“Begler ýoly” birnäçe halkara şahadatnamalaryny aldy

03 Dekabr 2020

“Begler ýoly” HK ýene-de öz pudagynda ýokary hünär derejesini tassyklaýan halkara şahadatnamalarynyň eýesi boldy.

Kompaniýanyň wekilleri birnäçe okuw sapaklaryna gatnaşdylar we tamamlanandan soň olara degişli şahadatnamalar berildi:

-   Miweleriň we gök önümleriň eksportyny ösdürmäge bagyşlanan USAID-iň bäsdeşlik ukyby we iş üpjünçiligi boýunça webinaryna gatnaşandygy barada şahadatnama;

-   “Begler ýoly” HK-nyň wekiliniň “Metodologiýa 5S” kursyny diňländigini we üstünlikli tamamlandygyny görkezýän okuw şahadatnamasy;

-   “Begler ýoly” HK-nyň wekiliniň “Ýörelgeler we talaplar we içerki barlag ISO 9001:2015” atly okuwyny diňländigini we üstünlikli tamamlandygyny tassyklaýan okuw şahadatnamasy.