tk ru en tr   
bgitem bgitem

Täzelikler

“Begler ýoly” hususy kärhanasy müşderilerine täze önümlerini hödürleýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Begler ýoly” hususy kärhanasy polietilen we polipropilen gaplaryň önümçiliginiň gerimini giňeldýär. Ýakynda kärhana täze görnüşli önümleriň, ýagny, 50 ml we 100 ml göwrümli zyýansyzlandyryş önümleri üçin niýetlenen plastik gaplarynyň, şeýle hem, zyýansyzlandyryş ýüz galkanynyň tutawaçlarynyň önümçiligini ýola goýdy.

Sanyny saýlaň:

Doly maglumat

Ýüz galkanynyň agramy 32 grama barabardyr. Müşderi olaryň islendik reňkini saýlap bilýär. 50 ml göwrümli plastik gaplaryň boýy - 9 sm, ini – 3,5 sm, agramy 7 gr-a barabardyr. 100 ml göwrümli gaplaryň boýy 10,5 sm, ini bolsa 4 sm-e ýetýär. Agramy 10 gram. Bu gaplar “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Saglyk” Derman kärhanasynyň sargydy boýunça öndürilip, zyýansyzlandyryş maksady üçin niýetlenendir. Polietilenden ýasalýan bu önümler şeýle hem beýleki zyýansyzlandyryş serişdelerini öndürýän hususy kärhanalara hem niýetlenilýär. Kärhana bu önümiň bir gije-gündiziň dowamynda 25 müň sanysyny, bir aýda 750 müň sanysyny öndürmäge ukyply. 

Müşderiler gaplaryň reňkini islegine görä saýlap bilerler.

Belläp geçsek, “Begler ýoly” hususy kärhanasy döwrebap, ekologik taýdan arassa we ýokary hilli önümleri bilen alyjylaryň ünsüni özüne çekmegi başardy. Kärhanada şeýle hem, miwe we bakja önümleri üçin dürli ölçegdäki sebetleriň, himiýa serişdelerini gaplamak üçin dürli görnüşli gaplaryň we beýleki halk hojalygynda zerur bolan başga-da birnäçe gap-gaçlaryň önümçiligi alnyp barylýar. “Begler ýoly” hususy kärhanasy öndürýän plastik önümlerini “Algap” haryt nyşany bilen öz alyjylaryna hödürleýär. Hususy kärhana müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak, olara ýokary hilli hyzmat etmegi ilkinji nobatda goýýar.

Beýleki önümlerimiz

"Begler ýoly” HK-sy eksport önümleri üçin sebetleri hödürleýär

Giňişleýin

“Begler ýoly”  önümçiliginiň gerimini barha giňeldýär

Giňişleýin

“Begler ýoly” hususy kärhanasy müşderilerine täze önümlerini hödürleýär

Giňişleýin

“Begler ýoly” hususy kärhanamyz müşderilere täze önümini hödürleýär

Giňişleýin

"Begler ýoly" hususy kärhanasy ― "Telekeçi ― 2020" bäsleşiginiň ýeňijsi boldy

Giňişleýin

"Begler ýoly" TSTB-niň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergä gatnaşýar

Giňişleýin

"Begler ýoly" hususy kärhanasynyň ofis we söwda maksatly binasy

Giňişleýin

“Begler ýoly” birnäçe halkara şahadatnamalaryny aldy

Giňişleýin

"Begler ýoly" haýyr-sahawat işleri üçin jemgyýetçilik guramalaryndan minnetdarlyk aldy

Giňişleýin