• info@begleryoly.com
tk ru en tr   
07 Iýun 2020 - Miwe-bakja onümleri gaplamak.    /    07 Iýun 2020 - Döwrebap enjamlar bilen badalga    /    07 Iýun 2020 - “Daşky gurşaw dosty” şygary bilen öňe..    /    07 Iýun 2020 - IML - Galyp içi Etiketleme

ÝOKARY HIL

Begler Ýoly hususy kärhanasy öz önümlerini mydama ýokary hil öndürmäge çalyşýar

TEHNOLOGIK

Plastik gaplama tehnologiýasy önümçilikde dünýäniň soňky ülüňlerine gabat gelýär

SERTIFIKATLAŞDYRYLAN

Plastik gaplary önümçilik etmek üçin gerek bolan dünýäde talap edilýän ähli sertifikatlara eýedir

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan ähli babatda bedew bady bilen ösüşleriň belent sepgitlerine tarap öňe barýar. Gahryman Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen ýörelgesini her bir ädimde duýmak bolýar. Hormatly Prezidentimiz mähriban watanymyzyň abraýyny dünýäde belent derejelere götermekde beýik işleri durmuşa geçirýär. Hut şonuň üçin Türkmenistan dünýäde okgunly ösýän döwletleriň biri hökmünde tanalýar.

Hormatly Prezidentimiziň telekeçilere berýän goldawy esasynda, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň ýokary hilli bolmagyna uly üns berilýär. Gelejek-de bazar ykdysadyýeti gatnaşyklarynda, birinji bilen halka ýokary hilli hyzmat etmek ýörelgesi bilen ýokary ösüşlere ýetip bolar.

Biziň “Begler ýoly” kärhanamyz şol ýoldan ugur alyp, poletilen we polipropilen önümlerini öndürýän zawodyny açdy. Önümlerimiz halkymyza amatly bolar ýaly, diňe ýurdumyzyň içinde öndürilýän çig-maly önümçilikde ulanýar. Çig-mal üpjünçiligi we önümçilik ýurdumyzyň içinde amala aşyrylýandygy üçin, öndürilýän önüm ýokary hilli we elýeter bahadan bolýar. Önümlerimiziň ählisi sertifikatlaşdyrlandyr.

Öndürilýän önümlerimiz ýokary hilli bolmagy üçin, Günorta Koreýa, Türkiýe, Germaniýa döwletlerinde öndürilen häzirki zaman ýokary tehnologiki innowasion enjamlary ulanýarys.

Kärhanamyz Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen yurdumyzyň ykdysadyýetiniň pajarlap ösmegine öz mynasyp goşandyny goşar.

Hormatlamak bilen,

Kärhanamyzyň ýolbaşçylary we işgärleri!

Sertifikatlar
Biziň Sertifikatlarymyz