• info@begleryoly.com
tk ru en tr   

ÝOKARY HIL

Begler Ýoly hususy kärhanasy öz önümlerini mydama ýokary hil öndürmäge çalyşýar

TEHNOLOGIK

Plastik gaplama tehnologiýasy önümçilikde dünýäniň soňky ülüňlerine gabat gelýär

SERTIFIKATLAŞDYRYLAN

Plastik gaplary önümçilik etmek üçin gerek bolan dünýäde talap edilýän ähli sertifikatlara eýedir

Türkmenistan ýurdumyzda uly badalgalar bilen öňe barýan, Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, “BEGLER YOLY” Hususy kärhanasy özüniň senagatyň ösmeginde uly goşundy bolup durýar. Döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, önümçilik hilini we potensiýaly bilen gün-günden özgertmegiň ugrunda gije-gündiz zähmeti bilen polietilen polipropilen önümleriň önümçiligini uly depginde alyp barýar.

Kärhana 2014-nji ýyldan bäri halkyň hyzmatynda bolup, umumy meýdany 22 gektar önümçilik territoriýasyna eýedir. Aýlyk önümçilik göwrümi 1 000 tonna. Ýaş kärhana bolmagyna garamazdan ýurdumyzyň “Sahabatly”, “Sap”, “Nur Maýonez” ýaly abraýly kärhanalary bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyryp, ynamlaryny ödemekde uly abraýa eýe boldy.

Ýakyn wagtda, döwletimiziň ykdysady potensiýalyny ösdürmekde uly itergi berjek PET we PP plastiki önümleriň gaýtadan işlenilmegi ýaly ajaýyp taslamalaryň birine öz abraý kitabyna goluny çekmegiň ugrunda.

Şeýle hem, gelejekde täze iş orunlaryň sanyny artdyrmak bilen, halkymyzy iş üpjünçiliginde öz elinden gelýän goşandyny goşmagyny meýilleşdirýär.

Сертификаты
Наши Сертификаты