tk ru   
bgitem bgitem

Täzelikler

“Begler ýoly” hususy kärhanamyz Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi we “Sanly ykdysadyýet – ykdysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Sanyny saýlaň:

Doly maglumat

2020-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi we “Sanly ykdysadyýet – ykdysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Söwda-senagat edarasynda iki günläp dowam eden gözden geçirilişe biziň “Begler ýoly” hususy kärhanamyz hem öz pawilýony bilen gatnaşdy.

Indi her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu sergide kärhanamyz tarapyndan öndürilýän polietilen we polipropilen gaplaryň dürli görnüşlerini görkezdik. Önümçiligi ýakynda ýola goýulan ýuwujy serişdeler üçin niýetlenen gaplary hem sergä çykardyk. Şeýle sergileriň geçirilmegi telekeçiler üçin täze mümkinçilikleri açýar. Serginiň dowamynda öz hyzmatdaşlarymyzyň we kärdeşlerimiziň önümçiligi bilen tanyşmaga, maslahatlaşmaga mümkinçilik döreýär.

Häzirki wagtda kärhanamyzyň önümçilik kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda ortaça 10 000 — 15 000 kg önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçilik toplumynda işler basyş we çişirme ýollary arkaly alnyp barylýar. Geljek-de, önümçiligimizi giňeldip, halk, oba we beýleki hojalyklarda zerur bolan plastik önümleriniň önümçiligini ýola goýmaklygy meýilleşdirýäris. Ýeri gelende bellesek, öndürýän önümlerimiziň ýerliligi we milliligi, bahasynyň elýeterligi, ekologiýa taýdan arassalygy müşderilerimiz tarapyndan oňyn kabul edilýär    hem-de uly isleglere eýe bolýar.

Beýleki önümlerimiz

“Begler ýoly” hususy kärhanamyz Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşdy

Giňişleýin

“Begler ýoly” ekologiýa taýdan arassa önümçiligi ýola goýýar

Giňişleýin

“Begler ýoly” dünýä bazaryna ädim ädýär

Giňişleýin

“Begler ýoly” hususy kärhanamyz plastik gaplary öndürmekde öňdeligi eýeleýär

Giňişleýin

“Begler ýoly” hususy kärhanamyzda işler awtomatik usulda alnyp barylýar

Giňişleýin

Pet, pp we rezin tekerleri gaýtadan işlemek

Giňişleýin

Miwe-bakja önümleri gaplamak

Giňişleýin

Döwrebap enjamlar bilen badalga

Giňişleýin

IML - etiketka

Giňişleýin