tk ru en tr   
bgitem bgitem

Täzelikler

“Begler ýoly” ekologiýa taýdan arassa önümçiligi ýola goýýar

“Begler ýoly” hususy kärhanamyz önümçilik işini “Daşky gurşawyň dosty” diýen şygar esasynda alyp barýar. Kärhanamyzyň önümçilik potensialy ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen...

Sanyny saýlaň:

Doly maglumat

“Begler ýoly” hususy kärhanamyz önümçilik işini “Daşky gurşawyň dosty” diýen şygar esasynda alyp barýar. Kärhanamyzyň önümçilik potensialy ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen. Bu bolsa islendik mukdarda plastmassa önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. 

Azyk we beýleki senagat ugurlarynda ýerli önümçiligiň geriminiň giňemegi bilen täze görnüşli gaplaryň zerurlygy artýar. Kärhanamyz şeýle gaplary öndürmek üçin özlerine gelýän sargytlary öwrenip, himiki arassalaýjy serişdeler, süýt önümleri we konditer önümleri üçin niýetlenen plastik gaplaryň täze görnüşleriniň önümçiligini hem alyp barýar. Şeýle-de, kärhanamyz müşderiniň isleglerine görä, IML (In-Mould Labelling) tehnologiýasy esasynda etiketkaly gaplary öndürip bilýär. Türkmenistanda ilkinji gezek ulanylýan bu tehnologiýa harydyň etiketkasyny plastiki gap galyba guýulanda ýelmeýär. Islendik şertlerde etiketka öz durkuny saklaýar.

Öndürýän plastik önümlerini “Algap” haryt nyşany bilen bazara hödürleýän “Begler ýoly” hususy kärhanamyzyň agzybir zähmetkeş işçi-hünärmenleriniň ümzügi ileri. Biz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurtda kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak we höweslendirmek baradaky başlangyçlaryndan ugur alyp, täze görnüşli önümleri öndürmegi, önümçilik toplumynyň gerimini giňeltmegi we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmak ugrunda maksada gönükdirilen işleri meýilnamalaýyn alyp barýarys.

Beýleki önümlerimiz

«Begler ýoly» hususy kärhanasy ― «Telekeçi ― 2020» bäsleşiginiň ýeňijsi boldy»

Giňişleýin

«Begler ýoly» TSTB-niň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergä gatnaşýar

Giňişleýin

“Begler ýoly” birnäçe halkara şahadatnamalaryny aldy

Giňişleýin

"Begler ýoly" haýyr-sahawat işleri üçin jemgyýetçilik guramalaryndan minnetdarlyk aldy

Giňişleýin

“Begler ýoly” HK halkara derejesinde ykrar edildi

Giňişleýin

“Begler ýoly” HK Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşdy.

Giňişleýin

“Begler ýoly” HK halkara hil şahadatnamasy bilen sylaglandy 

Giňişleýin

“Begler ýoly” “Plast Eurasia Istanbul 2017” sergisine gatnaşdy

Giňişleýin