tk ru   
bgitem bgitem bgitem

“Begler ýoly” hususy kärhanamyz plastik gaplary öndürmekde öňdeligi eýeleýär

26 Awgust 2020

Türkmenistanda ýerli gazhimiýa zawodlarynyň köpelmegi bilen plastik gaplary öndüriji kärhanalaryň sany hem köpelip başlady. Polietilen we polipropilen gaplary öndüriji kärhanalaryň biri hem “Begler ýoly” hususy kärhanamyzdyr. Biz öz önümlerimizi “Algap” haryt nyşany bilen bazarlara hödürleýäris. 

“Begler ýoly” hususy kärhanamyz 2014-nji ýylda esaslandyrylyp, iýmit üçin plastik gaplary, miwe we bakja önümleri üçin sebetleri, göwrümli gaplary, himiýa serişdeleri üçin gaplary we şuňa meňzeş önümleri öndürmek işini alyp barýarys. Kärhanamyzyň taryhy ýoly uzak bolmasa-da, önümçilik kuwwaty we önümçilik aýratynlygy bilen gysga wagtyň içinde, sözüň doly manysynda, içerki we daşarky bazaryň ynamyny gazanmagy başardy. Kärhanada öndürilýän önümler hiliniň ýokarylygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen, müşderileriň ösen islegleriniň talaplaryna doly laýyk gelýär. Muňa kärhanamyzyň hyzmatyndan peýdalanýan, “Miras”, “Sähetli türkmen”, “Ýigit”, “Guba gara”, “Täze aý” we ş.m. birnäçe başga hususy kärhanalary, “Owadan ülke”, “Sap taslama”, “Ajaýyp Ussat”, “Bäş nur”, “Oguz ýol” we ş.m. birnäçe başga hojalyk jemgyýetleriniň we birnäçe telekeçileriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Kärhanamyzda öndürilýän önümleriň ählisiniň sertifikatlaşdyrylandygyny aýratyn bellemek gerek.