tk   
bgitem bgitem bgitem

“Begler ýoly” hususy kärhanamyzda işler awtomatik usulda alnyp barylýar

26 Awgust 2020

“Begler ýoly” hususy kärhanamyzyň önümçiliginiň esasy aýratynlygy – öndürilýän önümleriň ählisi dünýä standartlaryna doly laýyk gelýär. Kärhanmyzda awtomatik usulda işler ýola goýlup, hereket edýän enjamlar robot tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan. 

Munuň özi önümleriň ýokary hilli we döwrebap taýýarlanylmagyna mümkinçilik berýär. Ýokary hilli önümler öndürilip, işleriň dünýä ülňülerine laýyk derejede alnyp barylýandygy üçin kärhana 5 sany – ISO-9001:2015, 5S,GC-MARK, DQS CFS GmbH, IQ NET halkara sertifikatlary bilen sylaglandy. Kärhanamyzda halkara standartlaryna degişli bolan kadalaşdyryjy resminamalar yzygider alnyp barylýar we işgärlerden test alynýar. Kärhanamyzda häzirki wagtda öz işine ökde we höwesjeň işi-hünärmenleriň 50-den gowragy zähmet çekýär. Daşary ýurtly ISO guramasynyň hünärmenleri bilen onlaýn internet ulgamy arkaly söhbetdeşlikler geçirilip, geçirilýän iş çäreleri barada maslahatlaşylýar.

Häzirki wagtda kärhanamyzyň önümçilik kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda ortaça 10 000 - 15 000 kg önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçilik toplumynda işler basyş we çişirme ýollary arkaly alnyp barylýar. Ýeri gelende bellesek, bu ýerde öndürilýän önümler bahasynyň elýeterligi, ulanylmasynyň amatlylygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Ýagny, ulanylýan çig mallaryň ýerli önümler bolmagy, kärhana innowasion enjamlaryň ornaşdyrylmagy we plastik önümlerini öndürýänleriň ýerli hünärmenler bolmagy kärhanamyzyň önümleriniň nyrh syýasatynyň hemişe elýeterlige esaslanyp, ýokary hilliligiň saklanmagyna doly mümkinçilik berýär.