tk ru en tr   
bgitem bgitem bgitem

"Begler ýoly" HK Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygy mynasybetli Diplom gowşuryldy

19 Mart 2019

2019-njy ýylyň 16-17-nji martynda Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygyna bagyşlanan sergi-ýarmarkasy we maslahaty geçirildi. Öz hatarlarynda hususy işewürligiň wekilleriniň 22 müňden gowragyny birleşdirýän bu iri jemgyýetçilik guramasynyň gazananlarynyň giň gerimli sergisi ýurdumyzyň telekeçileriniň eýe bolan ägirt uly kuwwatyny we mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezdi.

Sergide senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hem-de hyzmatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen hususy kompaniýalaryň 188-si öz diwarlyklaryny görkezmäge mümkinçilik aldylar. Şolaryň hatarynda birnäçe ýyl bär içerki we daşarky bazarda polietilen we polipropilen gaplary öndürmekde öňdeligi eýeleýän «Begler ýoly» hususy kärhanamyz hem öz önümleri bilen gatnaşdy.

Sergi-ýarmarkanyň jemleýji güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygy mynasybetli biziň «Begler ýoly» hususy kärhanamyza hem sergä gatnaşyjynyň Diplomy gowşuryldy.