tk ru   
bgitem bgitem bgitem

“Begler ýoly” dünýä bazaryna ädim ädýär

26 Awgust 2020

Plastik gaplary öndürmekde ýurtda öňdebaryjylaryň biri bolan “Begler ýoly” hususy kärhanamyzyň önümleri daşary bazarda hem uly islegden peýdalanýar. Kärhanamyzyň önümçiliginiň esasy aýratynlygy – öndürilýän önümleriň ählisi dünýä standartlaryna doly laýyk gelýär. 

Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, häzirki bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçilik işini ýola goýmakda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeň ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň özi, birinjiden, işiň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmaga şert döretse, ikinjiden, eksport ugurly täze görnüşli önümleriň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berýär. “Begler ýoly” HK-sy hem döredilen döwründen bäri şu ýörelgelerden ugur alyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli işleri alyp barmaklyga çalyşýarlar. Şonuň çäklerinde Özbegistan Respublikasyna 1 litrlik plastik gaplaryň ylalaşykda görkezilen möçberi eksport edildi. Şeýle-de häzirki döwürde Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan, Gruziýa we Owganystan ýaly döwletlere önümleri eksport etmek üçin degişli gepleşikler alnyp barylýar.