• info@begleryoly.com
Dil saýlamak   Türkmençe   Русский   English   Türkçe   

ÝOKARY HIL

Begler Ýoly hususy kärhanasy öz önümlerini mydama ýokary hil öndürmäge çalyşýar

TEHNOLOGIK

Plastik gaplama tehnologiýasy önümçilikde dünýäniň soňky ülüňlerine gabat gelýär

SERTIFIKATLAŞDYRYLAN

Plastik gaplary önümçilik etmek üçin gerek bolan dünýäde talap edilýän ähli sertifikatlara eýedir

Islendik telekeçiniň baş maksady, ýurdumyzda telekeçiler üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge öz mynasyp goşantlaryny goşmakdyr.

Muňa mysal edip, 2014-nji ýyldan bäri paýtagtymyzda hereket edýän “Begler Ýoly” hususy kärhanasyny hem görkezmek bolar. HK-da Türkiýe döwletinden getirilen ýokary tehnologik innowasion enjamlarda önümçilik alnyp barylýar. Işjeň iş tertibini ulanmak bilen dürli görnüşli polietilenden we polipropilenden öndürilýän önümleri alyjylara hödürleýäris. Kärhananyň ýolbaşçylary öndürilýän ýokary hilli we döwrebap önümleri daşary ýurtlara hem eksport etmegi maksat edinýär. Kärhanadaky işjeň önümçilik şol maksadyň ýakyn günlerde myrat tapjagyna ynam döredýär.

Biziň esasy maksadymyz, size ýokary hilli, amatly bahadan ulanmasy ýeňil bolan, ekologiýa taýdan arassa, sertifikatlaşdyrylan önümleri hödürlemek we ygtybarly hyzmatdaşlyk etmekden ybarat bolup durýar.

5dc2c15e3b58f.jpg

Sertifikatlar
Biziň Sertifikatlarymyz